3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününiň dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri bilen utgaşdy. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Welosipedli ýöriş Aşgabatdaky Saglyk ýolundan badalga aldy. Dabaranyň geçirilýän ýerine Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, hemmeler paýtagtymyzyň Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler. Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe, ýurdumyzda ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Welosipedli ýöriş paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehanada tamamlandy.
