5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle-de Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwynyň (okuwyň möhleti 2 aý) ikinji möwsümini tamamlan diňleýjilere şahadatnama gowşurmak dabarasy boldy. Oňa akademiýanyň ýolbaşçy düzümleri, professor mugallymlar we diňleýjiler gatnaşdylar.
Şahadatnama gowşurylyş dabarasynda çykyş edenleriň bellemegine görä, okuw meýilnamasyna laýyklykda, diňleýjilere 20-ä golaý dersler boýunça okuwlar geçirildi. Olaryň dowamynda döwlet gullukçylaryna mahsus bolmaly ahlak-edep kadalar, döwlet gullugynda özüňi alyp barmagyň endikleri barada, hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegi, ykdysady garaýyşlarynyň giňemegi üçin zerur bolan giňişleýin maglumatlar berildi.Geçirilen bu okuwlar ýurdumyzyň dolandyryş ulgamynda ýokary derejeli, hünärli we işine wepaly hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan möhüm döwlet maksatnamasynyň bir bölegidir. Döwletimiz ýaş hünärmenleriň ösüşine aýratyn uly üns berýär. Olary milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abadançylygyna goşant goşjak möhüm şahsyýetler hökmünde garaýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet dolandyryş işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, wezipe borçlaryny doly we dogry berjaý edýän gullukçylaryň täze neslini kemala getirmek, döwleti dolandyrmagyň ylmy binýadynyň düýbüni tutmak zerurlygyndan ugur alnyp, 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet gullukçylaryna birnäçe ugurlar boýunça bilim berilýär. Ýurdumyzda ýokary bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilim berýän esasy okuw mekdebi bolan döwlet gullugy akademiýasynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň döwlet gullukçylarynyň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Döwür bilen deň gadam urup, ylmyň iň soňky gazananlarynyň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylmagy, täzeçil çemeleşmeleriň peýdalanylmagy, dünýä tejribesiniň özleşdirilmegi arkaly ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hünärmenleri we ýolbaşçylary taýýarlamak akademiýanyň esasy ýörelgesidir hem-de baş maksadydyr.
Şeýle-de dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky tagallalaryna jogap edip, okuwda ýokary görkezijileri görkezendigi hem-de watansöýüjilik duýgusy bilen medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent işlerini yzygiderli wagyz-nesihat etmekde öz mynasyp goşandyny goşandygy bilen tapawutlanan diňleýjileriň birnäçesine akademiýanyň “Hormat haty” gowşuryldy.
Ýurdumyzda döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän bimöçber tagallalardan ruhlanan diňleýjiler öz çykyşlarynda akademiýada alan bilimlerini gelejekde öz işlerinde, durmuşynda peýdalanyp, döwlet dolandyryşynda, halky belent maksatlara tarap öňe alyp gitmekde beýik mekdep, ähli babatda nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, il-halkymyz, ata Watanymyz üçin mynasyp döwlet gullukçylary bolup, döredijilikli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
