Ylym-ösüşleriň binýady

10-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda  Ylymlar güni mynasybetli  “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, talyplary we diňleýjileri, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösüşi, bu ugurda döwlet derejesinde edilýän işler, halkara hyzmatdaşlyklar, ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda beýan edildi.

Ylym is­len­dik döw­le­tiň ösü­şi­niň­ esa­sy  ­sü­tü­ni­ bolup, ­bagt­ly ­gel­je­ge ­ýag­tylyk saç­ýan ýol­dur.Ýur­du­myz­da yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry ne­ti­je­li göz­leg­ler­ bi­len­ yzy­gi­der­li ­baý­laşdy­ryl­ýar. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da yl­myň­ äh­li­ ugur­la­ry­ny­ döw­re­bap ös­dür­mek, yl­my bar­lag­la­ryň hili­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we ola­ryň ne­ti­je­le­ri­ni ­halk ­ho­ja­ly­gy­nyň ­dür­li pu­dak­la­ry­na or­naş­dyr­mak, ýo­ka­ry hü­när­li yl­my iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, hal­ka­ra yl­my hyz­mat­daş­ly­gy işjeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça äh­mi­ýet­li öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yl­myň ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let ta­rapyn­dan be­ril­ýän gol­daw yzy­gi­der­li art­ýar,­düýp­li ­we ­ama­ly ­yl­my-barlag­la­ry ge­çir­mek, öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňeltmek ­ug­run­da ­äh­li ­müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Alym­la­ry­myz dür­li ugur­lar­da ­yl­my ­göz­leg­le­ri­ ge­çi­rip,­ dün­ýä ­yl­my­na ­go­şant ­goş­ýar­lar.­

«Ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Şol bir wagtyň özünde döwrüň depginine bat goşjak ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Ylmy-amaly maslahatda hem bellenilişine  görä, zehinli ýaş alymlary taýýarlamak, olaryň ylmy işleriniň netijeleriniň  goraglylygyny, ykrar edilmegini gazanmak ugrunda ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwletimiz ýaş alymlary goldamak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Ýurdumyzda ylmy-barlag institutlary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri tarapyndan amala aşyrylýan bäsleşik taslamalary  ýaş alymlaryň bilim derejesini kämilleşdirmäge  we ylmy dünýägaraýşyny ösdürmäge ýardam edýär.

Şeýle-de çykyş edenler yzygiderli geçirilýän ylmy duşuşyklaryň, pikir alyşmalaryň, hünär tejribeliginiň, halkara taslamalary we maksatnamalary bilelikde ýerine ýetirmegiň, ylmy barlaglaryň gurallarynyň ösüşiniň ylmy işleriň halkara derejä çykarylmagyny üpjün edýändigini bellediler.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürmekde bimöçber tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Soňra ylmy-amaly maslahat bölümçeleriň çäginde öz işini dowam etdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.