Milli arhiwler – gymmatly ýazuw çeşmeleri

11-nji sentýabrda  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle-de arhiw gullugynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli  “Resminamalary dolandyrmak we olaryň ýazuw kadalary” dersi boýunça göçme okuw sapagy geçirildi. Oňa akademiýanyň mugallymlary  we diňleýjileri gatnaşdylar.

Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň Resminamalary peýdalanmagy guramak bölüminiň müdiri  Elida Džawagirýan arhiw işiniň alnyp barlyşy, bu ýerde resminamalaryň toplanyşy, saklanyşy, hasaba alnyşy, peýdalanylyşy dogrusynda çykyş etdi, şeýle-de ýurdumyzyň taryhyna degişli bolan  gadymy fotosuratlaryň nusgalary boýunça taýýarlanan göçme sergi bilen tanyşdyrdy. Çykyşyň dowamynda  Türkmenistanda arhiw ulgamynyň kämilleşdirilmegi  boýunça hereket edýän  kanunçylyk namalar, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gaýduwsyzlyk  görkezen mert ýigitlerimiziň,  tylda zähmet çeken edermen zenanlarymyzyň gahrymançylyklary,  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen miweleri  we  taryhyň bu beýik sahypalarynyň geljekki nesillerimize  ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler  dogrusynda  hem gyzykly gürrüňler edildi. Çykyşda bellenilişi ýaly, her bir döwletde halkyň milli ýazuw mirasynyň aýawly saklanmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki bu babatdaky arhiw resminamalary halkyň  taryhyny beýan edýän milli ruhy baýlykdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bolup geçen syýasy we ykdysady özgerişler Türkmenistanyň arhiw ulgamynyň işine hem-de onuň soňraky ösüşine hem oňaýly täsirini ýetirip, bu ugurdaky işlere giň  gerim berdi. Arhiw ulgamynyň  döwrebaplaşdyrylmagy, arhiw resminamalarynyň  sanlylaşdyrylmagy bolsa hünärmenlerimizi täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

 Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar  milli mirasymyzy gorap saklamakda we olary geljekki nesillere ýetirmekde bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.