Dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça halkara tejribesi öwrenilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet gullukçylaryny ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda taýýarlamak maksady bilen halkara tejribesini okuw işine girizmeklige, dolandyryş ulgamynda dünýä döwletleriniň ugurdaş akademiýalary  bilen özara tejribe alyşmaklyga, hyzmatdaşlyga aýratyn  uly üns berilýär.

Muňa 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan 30-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamynda zerur bolan ukyp-başarnyklar, bu ulgamdaky wajyp wezipeler boýunça geçirilýän  gysga möhletli okuw maslahatlaryny mysal getirmek bolar. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliniň hem gatnaşýandygyny bellemek gerek. Gysga möhletli okuwlaryň esasy diňleýjileriniň hatarynda  döwlet gullukçylary bolup, olardan ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, kanun çykaryjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik pudagynyň (uniwersitetler, medeniýet guramalary we ş.m.) hem-de ykdysadyýetiň jemgyýetçilik böleginiň wekilleri bar. Geçirilen okuw maslahatynyň esasy  maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we  Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet dolandyryş ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekden, häzirki döwrüň mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze bilimleri we ukyplary ele almakdan, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr.

Gysga möhletli okuwlaryň maksatnamasyna laýyklykda, onuň dowamynda döwlet edaralarynyň düzümi we olaryň wezipeleri, döwlet gullugynyň ýörelgesi, öz-özüňi kämilleşdirmek, wagty tygşytlamak ýa-da wagty dolandyrmak, emosional intellekt, işewür etikasy, sanlylaşdyrma we emeli intellekt, şäher häkimlikleriniň durnukly ösüşi, köpçüligiň öňünde çykyş etmek ukyplary  ýaly ugurlar boýunça giň gerimli düşünjeler berilýär. Şeýle hem, nazary bilim bilen birlikde amaly okuwlar, tegelek stol söhbetdeşlikleri göz öňünde tutulan. Maksatnama uýgunlaşma strategiýalaryny işläp düzmek, töwekgelçilikleri dolandyrmak we şäher derejesinde innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman gurallaryny hödürläp, öňdebaryjy oňyn halkara tejribelerini öwrenmeklige ýardam edýär.

Munuň özi  döwlet gullukçylaryna strategik meýilnama düzmek, liderlik ukybyny kämilleşdirmek, taslamalaryň dolandyrylyşy, sanly tehnologiýalar, innowasiýalaryň dolandyrylyşy ýaly ugurlarda bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hünär başarnyklaryny ösdürmek diňe bir şahsy ösüş üçin däl, eýsem tutuş edara we jemgyýet üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnamanyň ähmiýeti bu giň döwletara hyzmatdaşlyga goşant goşmaga taýyn ýokary hünärli ýolbaşçylary taýýarlamak işinde wajyp orun tutýar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.