24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Bütindünýä Söwda Guramasynyň halkara hususy hukugynda kadalaşdyrylyşy” atly tegelek stol duşuşygy geçirildi. Oňa akademiýanyň mugallymlary, diňleýjileri, talyplar, şeýle-de ýurdumyzyň dürli pudak edaralaryndan hünärmenler gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyñ rektory A. Annamyradow giriş sözi bilen çykyş edip, ýurdumyzyň daşary syýasatda halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy bilen gatnaşyklary barada belläp geçdi. Bellenişine görä, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmak Türkmenistana birnäçe mümkinçilikleri açýar. Ilki bilen, bu dünýä bazarlaryna giň giriş mümkinçiliklerini döredýär. Ýurdumyzyň kärhanalary önümlerini has giň sarp edijiler toplumyna hödürläp biler. Ikinjiden, söwda päsgelçilikleriniň azaltmagy netijesinde, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar. Üçünjiden, söwda düzgünleriniň kadalaşdyrylmagy arkaly adalatly bazar gatnaşyklary üpjün edilýär. Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleriniň 2023-nji ýylda Aşgabada bolan sapary hem ýurdumyzyň bu ugurda öňe barýan ýörelgeleriniň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan parasatly ykdysady syýasat netijesinde Türkmenistan dünýä hojalygynyň möhüm bölegine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işleriň maksady — ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, söwda gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.
Şeýle-de pikir alyşmalaryň barşynda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Hukuk we halkara şertnamalar bölüminiň başlygy Gülälek Hojaýewa ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek boýunça amala aşyrýan işleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ylham Ýaraşow ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň esasy hünärmeni Ybraýym Esenow Bütindünýä Söwda Guramasynyň dünýä ykdysadyýetindäki orny, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Türkmenistanda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek bölüminiň ylmy işgäri Ýunus Muhammedow Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň halkara hususy hukugy boýunça kadalarynyň BSG-niň kadalary bilen utgaşdyrylyşy barada giňişleýin çykyş etdiler. Mundan başga-da maslahatda akademiýanyň diňleýjileri hem bu ugurdan taýýarlan ylmy çykyşlaryny beýan etdiler.
Maslahatdaky çykyşlarda bellenilişine görä, Bütindünýä Söwda Guramasy 1995-nji ýylda döredilip, onuň esasy maksady döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny deňhukukly esasda ösdürmekden ybaratdyr. BSG dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak we bu ugurda halkara kadalaryny düzmek hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça iş alyp barýan ýeke-täk ählumumy halkara guramadyr. Häzirki wagtda BSG dünýäniň 166 döwleti agza bolup, 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär.
Häzirki döwürde globallaşma meýilleriniň artmagy, bütindünýädäki emele gelen çylşyrymly ykdysady şertler ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy örän möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna — BSG-na goşulyşmagy möhüm strategiki ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu ugurda anyk we yzygiderli ädimleri ädýär. 2020-nji ýylda ýurdumyz BSG-niň synçy döwleti derejesine eýe boldy. 2021-nji ýylyň noýabrynda bolsa Türkmenistan resmi taýdan agzalyk üçin ýüz tutma berdi. Bu ädim ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň dünýä bazaryna açykdygyny görkezýär.
Bütindünýä Söwda Guramasynyň halkara hususy hukugynda kadalaşdyrylyşy atly tegelek stol duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmakda bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar!
