2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda akademiýanyň 2025-2026-njy okuw ýylynyň meýilnamasyna laýyklykda, resminamalaryň dolandyrylyşy we edebi dilimiziň sözleýiş we ýazuw görnüşleriniň aýratynlyklary barada giňişleýin öwretmek maksady bilen, göçme okuw sapagy guraldy.Onda institutyň ylmy işgärleri, alymlar çykyş edip, edebi dilimiziň sözleýiş we ýazuw görnüşleriniň aýratynlyklary, ene dilimiziň hem-de edebiýatymyzyň häzirki zaman ýagdaýlarynyň we taryhynyň düýpli öwrenilişi, ata-babalarymyzdan miras galan ygtybarly golýazma çeşmeleriň esasynda geçirilen ylmy derňewler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarda diňleýjilere müňýyllyklaryň dowamynda dörän ynsan aň-paýhasynyň, akyl-düşünjesiniň ajaýyp miweleri bolan golýazma nusgalaryny daşary ýurt ylmy merkezlerinden we ýurdumyzyň çäklerinden toplamak hem-de täze tehnologiýalary ulanmak arkaly olary dikeltmek, rejelemek we abat saklamak, ylmy esasda öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gyzykly maglumatlar ýetirildi. Bellenilişine görä, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda önjeýli orny bolan golýazma mirasymyzy toplamak, ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuňlaşdyrmak, halkymyzyň ýazuwly ýadygärliginiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri — golýazmalary abat saklamak, ylmy taýdan teswirlemek, gadymy taryhymyz, müdimi edebiýatymyz, asal dilimiz bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirmek, nusgawy şahyrlarymyzyň we halk döredijilik eserlerini ylmy taýdan öwrenip, neşire taýýarlamak işini dowamly alyp barýar. Bu ýerde türkmen halkynyň taryhyna, sungatyna, edebiýatyna degişli çeşmeleri, golýazmalary diňe bir ýurdumyzyň çäklerinden däl, eýsem, daşary ýurtlardan hem gözläp tapmak, toplamak hem-de nusgalaryny ýurdumyza getirip, ylmy taýdan öwrenmek, terjime etmek we halka ýetirmek işleri hem örän netijeli dowam etdirilýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, institutda jemi 10 müňden gowrak golýazma nusgalary saklanyp, olaryň aglaba bölegi ýazyjydyr şahyrlarymyza, halk döredijilik eserlerine degişli bolup durýar.
Alym Arkadagymyzyň: «Türkmen halky özüniň köpasyrlyk durmuş ýolunda egsilmez genji-hazynany — umumadamzat gymmatlyklar hazynasynyň möhüm bölegini tutýan baý golýazma mirasyny döredipdir. Golýazma mirasy — halkymyzyň tükeniksiz gory bolan milli hazyna» diýip nygtaýşy ýaly, gymmatly golýazmalar şu günki türkmen jemgyýetiniň täze ruhy galkynyşynyň gönezligidir.
Göçme okuw sapagynda diňleýjiler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölümlerine hem aýlanyp gördüler. Ol ýerde diňleýjiler golýazma nusgalaryň saklanyş şerti, geçirilýän dikeldiş işleri bilen tanyş boldular. Bu diňleýjileriň nazary we amaly bilimleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini doly açyp görkezdi. Şol bir wagtyň özünde bu geçirilen okuw sapagy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy gorap saklamakda we olary geljekki nesillere ýetirmekde bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.
