Sanly dolandyryşda halkara tejribesi

2025-nji ýylyň 2—5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýurdumyzyň döwlet gullukçylarynyň sanly dolandyryşda hünär derejesini, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, akademiýanyň  halkara  hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, Estoniýanyň elektron dolandyryş akademiýasynyň bilermenleri tarapyndan "Döwlet gullugynda täze tehnologiýalar we emeli intellekt", “Kiberhowsuzlyk” atly okuw maslahatlary geçirildi. Oňa akademiýanyň mugallymlarydyr diňleýjileri we talyplary, şeýle-de  Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahat, esasan, döwlet dolandyryşynda emeli aňyň integrasiýasy, dolandyryş işinde kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti, täze we geljegi uly tehnologiýalary amaly taýdan ulanmak meselelerine bagyşlandy.

Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjylara sanly döwlet dolandyryşy üçin möhüm bolan bulut hasaplamalary, blokçeýn, şeýle hem X-Road ulgamy barada giňişleýin gürrüň berildi. Gysga möhletli okuwlar oňa gatnaşyjylaryň edaralaryň sanly içki resminama dolanyşygyny ýa-da platformalaryny döwrebaplaşdyrmaga, maglumatlaryň howpsuz alyş-çalşygyna ýardam edýän X-Road ulgamynyň ulanylyşy, döwlet dolandyryşynda kararlary kabul etmegiň kämil usullary, emeli intellekt arkaly adam serişdelerini dolandyrmak, işgärleriň netijeliligini derňemek boýunça  döwrebap çemeleşmeler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Çäre dürli ýurtlarda we guramalarda üstünlikli ornaşdyrylyp bilinjek sanly dolandyryş strategiýalaryny, usullaryny ara alyp maslahatlaşmaga, sanly infrastrukturany häzirki zaman kiberhowplardan goramak üçin zerur bolan bilimleri, amaly endikleri ele almagyna ýardam etdi. Şeýle-de oňa  gatnaşyjylar bu okuw maslahatynyň  daşary ýurtlaryň iň gowy tejribelerini ara alyp maslahatlaşmakda we sanly dolandyryş işleriniň netijeliligi boýunça maslahatlary işläp taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolandygy barada bellediler. Munuň özi  diňe bir bilim we tejribe alyşmak, dolandyryş tejribelerini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş jemgyýetiň ösüşine, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we raýatlaryň sanly hyzmatlara deň derejede elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berjek durnukly strategiýalary döretmäge mümkinçilik berer.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.