Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri «Ýaşyl» ykdysadyýet we sebitiň durnukly ösüşi boýunça okuwlary geçdiler

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary barha berkeýär. Ýurdumyzyň halkara giňişliginde parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy dabaralandyrmaga gönükdirilen asylly başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Bu halkara teklipler diňe bir Watanymyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň we dünýäniň durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda ekologiýa diplomatiýasy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan kemala gelen halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri dünýä halklarynyň parahat we bagtyýar durmuşynyň kepilidi.  Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki zaman dünýäsinde «ýaşyl» tehnologiýalar we ekologiýa diňe bir ylmyň ösüş ugry däl, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetiniň ykdysady we durmuş durnuklylygynyň özeni bolup durýar. Tebigy baýlyklary tygşytly ulanmak we daşky gurşawy goramak iň derwaýys wezipeleriniň hataryna girýär. Ýurdumyz bu ugurda dünýä bileleşiginiň öňünde jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş edip, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde yglan etdi. Bu çäreler diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, tutuş sebitiň ekoulgamyny geljekki nesiller üçin amatly ýagdaýda saklamagy maksat edinýär. Döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasy ekologiýa talaplary bilen berk utgaşýar. Ýigrimiden gowrak halkara konwensiýalaryň agzasy bolan ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna energiýany tygşytlaýjy we daşky gurşaw üçin zyýansyz «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

2026-njy ýylyň maý aýynyň 19-22-i aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillerine Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň bilermenleri tarapyndan «Ýaşyl» ykdysadyýet we sebitiň durnukly ösüşi boýunça okuw maslahatlaryny geçdiler.

Rus we türkmen ugurdaş akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde hünär ýokarlandyryş boýunça gysga möhletli okuwlar tapgyrlaýyn geçirilip, şol okuwlarda döwlet gullukçysynyň maliýe we hukuk sowatlylygyny kämilleşdirmek, «ýaşyl» ykdysadyýet we sebitiň durnukly ösüşi barada, dolandyrmagyň innowasion çemeleşmeleri giňişleýin öwrenmek bilen öz oňyn täsirini ýetirýär.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-12-nji oktýabry Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşan daşary ýurt wekiliýetleriň Türkmenistana saparynyň dowamynda hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Şol sanda hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyna gol çekildi we resminama laýyklykda, alyp barýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, uzak aralykdan sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçirmek, professor-mugallymlaryň hem-de diňleýjileriň okuw saparlaryny gurnamak meseleleri öz içine alýan hyzmatdaşlyk ýola goýlary bäri, akademiýanyň öňünde duran ilkinji wezipeleriniň biri - bu döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmek bilen bagly bolan gysga möhletli okuwlar ýerinde, ýagny akademiýanyň mugallymlarynyňdyr diňleýjileriniň gatnaşmagynda hem-de sanly ulgam arkaly uzak aralykdan geçirilýän okuwlarda rus akademiýasynyň wekilleri tejribelerini paýlaşdylar. Döwlet gullukçylarynyň sanly ulgam babatynda ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, innowasion menejment we sanlylaşdyrma düzüm birliklerinden peýdalanmak arkaly çözgütleri taýýarlamak hem-de kabul etmek, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde netijeliligi gazanmak, strategiki meýilnamalaşdyryş, elektron resminamalar geçirilen okuw maslahatlaryň esasy maksatlary boldy. Şu gezekki geçirilen gysga möhletli okuw maslahatlarynyň dowamynda “Durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde global tendesiýalar we strategiki ileri tutmalar”, “Durnukly ösüşde maýa goýum”, “Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliligini kesgitlemek”, “Jemgyýetçilik syýasatyny durmuşa geçirmekde maksatnamalaýyn çemeleşmeler”, “Durnukly ösüşde jemgyýetçilik syýasatyň orny”, “Sebitiň durnukly ösüşinde strategiki meýilleşdiriş” ýaly temalar boýunça maslahat edildi. Okuwlarda  zähmet potensialyndan doly peýdalanmak arkaly edaranyň işgärlerini dolandyrmak we utgaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar ulgamy, dolandyryşda strategiki dolandyryşyň ähmiýeti we işe edýän täsiri, bütin dünýäde dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, aýratyn zehinleri dolandyrmagyň täsiri, işgärleriň zehinini kämilleşdirmek we olary dolandyrmakda häzirki zaman höweslendirmeler, dolandyryş işinde sanly tehnologiýalaryň orny, onuň täsiri we ähmiýeti hem-de bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler, dolandyryşyň gurallary we aýratyn innowasion çemeleşmeler, işgärler ätiýaçlygy we öndürijilik dolandyryş ulgamy, ýaly ugurlar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Geçirilen okuw maslahaty döwlet gullukçylaryna çylşyrymly ýagdaýlarda dogry kararlary kabul etmäge we ýerine ýetirýän işlerinde açyklygy üpjün etmäge mümkinçilik berer. Nazaryýet bilen birlikde, amaly okuwlarda gatnaşyjylar özleşdiren bilimlerini dünýä tejribesine laýyklykda ulanmaga ýardam berýän amallar, tabşyryklar we mysallar bilen üpjün edildi. Şeýle çemeleşme diňe bir bilimleri çuňlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, döwlet gullukçylary üçin örän möhüm bolan tankydy pikirlenmäni hem ösdürmäge ýardam edýär.

Okuw maslahaty tamamlanandan soň, gatnaşyjylara täze özleşdiren bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar berildi. Bu diňe bir olaryň hünär derejesini ýokarlandyrman, eýsem, döwlet gulluklarynda mundan beýläk-de kämilleşmekleri üçin şertleri döreder. Şeýlelikde, «Ýaşyl ykdysadyýet we sebitiň durnukly ösüşi» atly dolandyryş ulgamy boýunça okuw maslahaty howpsuz ekoulgamy ösdürmäge, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmaga, döwlet gullukçylarynyň «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamy babatdaky ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Şeýle okuwlaryň geçirilmegi strategiki meýilnamalaşdyryşda, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bähbitli, ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeldip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! yzmatdaşlygy we döwlet gullugynda sanly ulgamy ösdürmekde örän ähmiýetlidir.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.