“BRIDGE” taslamasynyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gullukçylarynyň hünär bilimleri ýokarlandyryldy

Ýakynda «Italiýa-Merkezi Aziýa» formatynda hyzmatdaşlygyň esasynda dolandyryş we bilim üçin «Durnukly institusional dialogy döretmek (BRIDGE)» atly taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri ady agzalan taslama laýyklykda, «Oba hojalygyň durnukly ösüşi», «Arabaglanyşyk we senagat», «Suw we saglygy goramak», şeýle hem «Gaýtadan dikeldilýän energiýa» atly ugurlar boýunça degişlilikde hünärini kämilleşdirdiler.

Taslamanyň meýilnamasyna laýyklykda, onuň I tapgyryndaky okuw maslahatlary sanly ulgam arkaly uzak aralykdan bilim bermek tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly alnyp baryldy. Taslamanyň  çäginde italiýan bilermenleriniň sanly ulgam arkaly uzak aralykdan geçirýän okuw maslahatlaryna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet gullukçylary  durnukly oba hojalyk, suw we saglygy goramak hem-de täzelenýän energiýa, ýagny “ýaşyl” energiýa geçiş ýaly ugurlar boýunça gysga möhletli hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar.

BRIDGE taslamasy (Building Resilient Institutional Dialogue for Governance and Education  / Dolandyryş we bilim üçin durnukly institutsional dialogy gurmak) hünär kämilleşdiriş işini we institutsional mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen başlangyç bolup, Italiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Italiýa-Merkezi Aziýa "5+1" formatynyň çäklerinde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek üçin niýetlenendir. Taslama Wenesiýadaky Ka' Foskari uniwersiteti tarapyndan utgaşdyrylýar.

Astana sammitiniň bilelikdäki Jarnamasyna laýyklykda, taslama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň döwlet gullukçylaryny, bilermenleri we hususy pudagyň wekillerini bir ýere jemlemek bilen, hünär kämilleşdirişiň we ýokary bilimiň institutsional dialogyny pugtalandyrmak, dolandyryşa utgaşdyrylan çemeleşmeleri öňe sürmek we ileri tutulýan pudaklarda durnukly ösüş çygryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mehanizm bolup hyzmat edýär we  hünärmenleriň durnukly torlarynyň döredilmegine, institutsional mümkinçilikleriň güýçlendirilmegine we hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam bermek bilen bilelikde, durnukly dolandyryşy we ösüşi ilerledýär. Hökümetara gatnaşyklaryň gün tertibine laýyklykda, BRIDGE taslamasy suw we saglygy goramak, durnukly oba hojalygy we «ýaşyl» energiýa geçiş ýaly  ileri tutulýan ugurlary öz içine almak bilen, şol bir wagtyň özünde netijeli döwlet syýasatyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin zerur bolan tehniki we dolandyryş ukyp-başarnyklary kämilleşdirmeklige niýetlenendir.

Sanly ulgam arkaly uzak aralykdan geçirilýän okuw maslahatlarynyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Italiýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynda durnukly ösüş boýunça ýüze çykyp biläýjek bökdençlikleriň,  syýasatyň we halkara hyzmatdaşlygyň gurallary baradaky umumy analitiki düşünjäni kämilleşdirilmegine, dolandyryş ulgamyndaky öňdebaryjy tejribäni öwrenip, dürli taslamalar işlenilip düzülende häzirki zaman çemeleşmelerinden peýdalanmak arkaly ele alnan bilimdir ukyp-başarnyklary ýerlikli ulanmak bilen bir hatarda  milli we sebit derejesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça seljerme  işlerini geçirmeklige üns berildi.

Gysga möhletli hünär ýokalandyryş okuwlary döwlet gullukçylarynyň tehniki, institutsional we dolandyryş mümkinçiliklerini güýçlendirmäge, köptaraply dolandyryş şertlerinde işläp bilýän döwlet syýasaty boýunça bilermenleriň transmilli jemgyýetiniň döredilmegine itergi berýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.