Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, şeýle-de Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary hünär derejelerini ýokarlandyrdylar

5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle-de Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini  ýokarlandyrmak boýunça okuwynyň (okuwyň möhleti 2 aý)  ikinji möwsümini tamamlan  diňleýjilere şahadatnama gowşurmak dabarasy boldy. Oňa akademiýanyň ýolbaşçy düzümleri, professor mugallymlar we diňleýjiler gatnaşdylar.

Şahadatnama gowşurylyş dabarasynyň başynda akademiýanyň rektory A.Annamyradow Gutlag sözi bilen çykyş edip, «Biz ýurdumyzda gazanylýan her bir üstünligiň aňrysynda, Hormatly Prezidentimiziň  öňdengörüjilikli syýasatynyň hem-de halkymyzyň agzybir zähmetiniň bardygyna guwanýarys. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň merkezine öwrüldi. Bu ugurda deputatlaryň we Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň halkara parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmekde we ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini dünýä ýüzünde wagyz etmekde bitirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ugur alyp, halkymyzyň bähbitlerini goramakda, Watana, halkymyza wepaly hyzmat etmekde nusgalyk görelde görkezersiňiz diýip umyt edýäris.  Çünki öz ykbalyňy beýik we tutumly işler bilen berk baglanyşdyrmak — ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr, abraý-mertebedir. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň abadan geljegi üçin bilim, ylym, hünär almak, gurmak, döretmek, tutanýerli zähmet çekmek, elmydama kämillige ymtylmak her bir döwlet gullukçysynyň borjy bolmalydyr»  diýip belläp geçdi.

     Şeýle-de dabaranyň dowamynda  professor mugallymlara hem söz berildi. Bellenilişine görä, okuw meýilnamasyna laýyklykda,  diňleýjilere 18 sany ders boýunça okuwlar geçirildi. Okuwlaryň dowamynda döwlet gullukçylaryna mahsus bolmaly ahlak-edep kadalar, döwlet gullugynda özüňi alyp barmagyň endikleri barada,  hukuk düşünjeleriniň kämilleşmegi, ykdysady garaýyşlarynyň  giňemegi üçin zerur bolan  giňişleýin maglumatlar berildi.

     «Geçirilen bu okuwlar  ýurdumyzyň  dolandyryş  ulgamynda ýokary derejeli, hünärli we işine wepaly hünärmenleri  taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan möhüm döwlet maksatnamasynyň  bir bölegidir. Geljekde Akademiýada alan bilimleriňizi öz işiňizde, durmuşyňyzda peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, il-halkymyz, ata Watanymyz üçin mynasyp döwlet gullukçylary bolup, döredijilikli zähmet çekersiňiz diýip umyt edýäris. Siziň her biriňiziň üstünligiňiz-akademiýanyň, şol sanda size bilim beren mugallymlaryň  üstünligi» diýip, halypa mugallymlar uçurymlara  ak ýol arzuw etdiler.

Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar  hakyndaky  tagallalaryna jogap edip, okuwda ýokary görkezijileri  görkezendigi we medeni köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp,  Hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan belent işlerini yzygiderli wagyz-nesihat etmekde öz mynasyp goşandyny goşandygy bilen tapawutlanan  diňleýjileriň birnäçesi «Hormat haty»  bilen sylaglandy.

Akademiýany tamamlan uçurymlar hem öz gezeginde, bu ýerde bilim beren ähli mugallymlara,  ýurdumyzda okamak, bilim almak, hünäriňi kämilleşdirmek üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. «Bu ýerde alan bilimlerimiz geljekde işlerimizde, durmuşymyzda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny mundan beýläk-de ösdürmekde we ony täze tapgyra çykarmakda ýol görkeziji çelgi bolup durýar. Biz hem geljekde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, halkymyza wepaly hyzmat edip, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine mynasyp goşandymyzy goşup, yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrjakdygymyza ynandyrýarys»  diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle-de Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini  ýokarlandyrmak boýunça okuwyny tamamlan diňleýjiler öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Şahadatnama gowşurylyş dabarasynyň ahyrynda oňa  gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzda okamak, bilim almak, zähmet çekmek üçin döredip berýän mümkinçiliklerine köp sagbolsun aýtdylar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.