Ýakynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Ylymlar güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Bu senäniň uly tutumy, giň gerimi berkarar türkmen döwletiniň berk ylmy binýada daýanýan döwletdigini ýene bir gezek tassyklady. Şol günlerde döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi bolsa bu senä aýratyn mazmun bagyşlamak bilen, döwrüň uly hakykatyna ýene bir gezek ünsi jemledi.
Bu şanly sene mynasybetli 13-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Ylymlar güni we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi, professor hormatly atlarynyň dakylmagy mynasybetli “Akademik, professor – buýsanjymyz, şanymyz, hormatly at gutly bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Akademiýanyň professor mugallymlary, diňleýjileri we talyplary gatnaşdylar.
Dabaraly maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty Alym Annamyradow çykyş edip, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym-bilim ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, ýaşlary ylma höweslendirmekde döredilýän mümkinçilikler hakynda belläp geçdi. Bellenilişine görä, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Akademigi, professor hormatly atlarynyň berilmegi ylmyň şanyna tutulýan toýuň dabarasyny has hem artdyrdy. Bu hoş habar bütin türkmen halkymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetiren pursatlara öwrüldi. Gysga wagtyň içinde ýurdumyzda ylymda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýaşlarymyzyň ylmy açyşlary belent derejelere çykdy. Bu asylly ýörelgeler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda mynasyp alnyp barlyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylymda aýgytly ösüşler, öňegidişlikler barha rowaçlanýar. Biz muňa şu ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki ugurdaş çäreleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Bu ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýaş alymlaryň 170-si ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp boldular.
Şeýle-de maslahatda edilen çykyşlarda şu ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde Akademiýadan hem 4 sany hünärmeniň we talybyň ýeňiji bolandygy uly buýsanç bilen bellenildi. “Munuň özi Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň baýramçylyk ruhuny has hem belende göterdi” diýip çykyş edenler aýtdylar.
Dabaranyň barşynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory Kakageldi Hümmäýewe, Okuw bölüminiň başlygy, Ýaş alym bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Halnepesowa, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, akademiýanyň alymlar geňeşiniň kätibi, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Şasenem Joraýewa, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, Ýaş alym bäsleşiginiň 2024-nji ýyldaky ýeňijisi, Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Myrat Saryýewe hem söz berildi. Çykyş edenleriň bellemegine görä, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalary çuňňur özleşdiren ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Akademiki, pudaklaýyn we ýokary okuw edaralaryndaky ylmy gözlegleriňdir tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna we sanlylaşdyrylmagyna ýardam berýär. Bu ugurda gazanylýan ägirt uly üstünlikler eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda bimöçber tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi tutuş halkymyz bilen birlikde, ähli ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini juda buýsandyrdy, guwandyrdy.
Biziň döwlet syýasatymyzda ylym esasy orny eýeleýär. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde döwür bilen aýakdaş ösýän, kämil ylma eýe bolan döwlet hökmünde abraý-mertebä eýe bolýar. Şeýle dereje biziň üçin tükeniksiz buýsanç, nurana ertirlere bolan egsilmez ynamdyr.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilen maslahatyň dowamynda akademiýada uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çekýän ylmy derejelere eýe bolan professor mugallymlary hem sylagladylar. Olar hem öz gezeginde, ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegi üçin irginsiz aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan etdiler we döwlet Baştutanymyzy ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli gutladylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilimi döwletimiziň kuwwatly güýjüne öwren, halkymyzyň abadançylygyny ähli zatdan ileri görüp beýik tagallalary edýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, alym Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýene bir ýola gutlamak bilen, Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
