«Italiýa – Merkezi Aziýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde dolandyryş we bilim üçin «Durnukly institusional diology döretmek (BRIDGE)» atly taslamasyny durmuşa geçirmek üçin Italiýa Respublikasy tarapyndan gurnalýan hünär kämilleşdiriş okuwlaryna, 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary, talyplary we degişli hünärmenleri hem gatnaşdylar. «Oba hojalygyň durnukly ösüşi» atly okuw maslahaty Italiýa Respublikasynyň Bolonýa şäherinde geçirildi. Okuwlaryň esasy temasy oba hojalygyny durnukly ösdürmek arkaly ykdysady durnuklylygyň binýadyny we institusional jogapkärçiligi berkitmek, şeýle hem gurakçylyk, suw serişdelerini tygşytlamak, himiki serişdeleri azaltmak, ekologiýa taýdan arassa önümçilige geçmek, howa töwekgelçiliklerine uýgunlaşmak ýaly meseleler boldy.
BRIDGE taslamasy howa töwekgelçilikleriniň (gurakçylyk, çölleşme) hem-de pes institusional mümkinçilikleriň çuňňur we hemmetaraplaýyn seljermesini geçirmek üçin netijeli meýdança boldy. Okuwlarda halkara standartlaryna we BMG-niň Durnukly ösüş strategiýalaryna, Ýewropa Bileleşiginiň «Ýaşyl ylalaşygyna» integrasiýa bolmagyň zerurlygy maslahatlaşyldy. Şeýle-de, durnukly oba hojalygyna gözegçilik (monitoring) ulgamyny ornaşdyrmak, ony BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna uýgunlaşdyrmak, suw-energetika strategiýasy, guramaçylyk-hukuk binýady we ony BMG-niň hem-de Ýewropa Geňeşiniň halkara standartlaryna laýyk getirmek ýaly möhüm ugurlara seredildi.
Geçirilen okuwlaryň maksatnamasy diňe bir nazary okuwlar bilen çäklenmän, eýsem netijeli tejribeleriň seljermesini hem öz içine aldy. Çärä gatnaşan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň wekilleri italiýaly bilermenler bilen bilelikde bu strategiýanyň gurluşyny jikme-jik öwrendiler. Esasy üns jemgyýetçilik ulgamyndaky töwekgelçilik zolaklaryny kesgitlemäge hem-de görülýän çäreleriň netijeliligini anyk ölçemek üçin üstünligiň aýdyň görkezijilerini işläp taýýarlamaga gönükdirildi. Okuwyň dowamynda döwlet gullukçylary daşky gurşawy goramak, sosial jogapkärçilik , durnukly dolandyryş ugurlary we bu meseleleriň döwlet dolandyryşyna ornaşdyrylmagy boýunça pikir alyşdylar.
Oba hojalygynyň durnukly ösüşi, ilkinji nobatda, dolandyryşyň jogapkärçiligine bagly bolup durýar. Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu ugurdaky tejribesi döwlet gullukçylaryna oba hojalygyny has-da kämilleşdirmäge kömek etjek amaly gollanma boldy.
Geçirilen çäre ýurdumyzyň ykdysady durnuklylygyna goşant goşmak bilen, döwlet gullukçylaryny bu ugurda okatmakda, töwekgelçilik zolaklaryny seljermekde, üstünligiň görkezijilerini taýýarlamakda we olary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
«Alnan maglumatlar we daşary ýurtlaryň amaly tejribesi bilim bermek işi üçin örän uly ähmiýete eýedir. Biz bu ýerde alnan tejribeleri hünär taýýarlygynda işjeň ulanmagy meýilleşdirýäris. Oba hojalygyny ösdürmekde halkara mehanizmlerine düşünmek ýurduň hukuk, institusional we dolandyryş gurşawyny netijeli gorap biljek hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer» — diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler.
