Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti Astanada geçirilen halkara «GovHR Forum-2026» maslahatyna gatnaşdylar

​ 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda  Gazagystan Respublikasynyň Döwlet gullugy işleri boýunça agentliginiň ýolbaşçylygynda  Astana şäherinde «Adam. Mümkinçilikler. Sanlylaşdyrma we emeli aň eýýamynda jemgyýetçilik gymmatlyklary» temasy boýunça «GovHR Forum-2026» halkara maslahaty geçirildi.

​Bu halkara çärä  dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet dolandyryşy ulgamynyň ýolbaşçylary, IT hünärmenleri, şeýle hem sanlylaşdyrma we emeli aň ulgamy boýunça bilermenler  gatnaşdylar.  Maslahat döwlet gullugyny ösdürmegiň häzirki zaman çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Çärä dürli halkara guramalar bilen birlikde, 20-den gowrak ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, BAE-den, Rumyniýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Azerbaýjandan, Gonkongdan, Iordaniýadan, Ermenistandan, Kiprden, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Finlýandiýadan, Singapurdan  we beýleki hyzmatdaş döwletlerden wekiller we öňdebaryjy bilermenler gatnaşdylar. Ýeri gelende, forumyň işine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan hem wekiliýetiň gatnaşandygyny bellemeli. «GovHR Forum-2026» halkara forumyň çäklerinde bilermenler adam maýasyny kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamyna sanlylaşdyrmany we emeli aňy ornaşdyrmak, korrupsiýanyň öňüni almak, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak  meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

   Forumyň barşynda, Gazagystanyň Döwlet gullugy işleri boýunça agentliginiň başlygy Darhan Žazykbaý çykyş edip,  ýurtda amala aşyrylýan konstitusion  we institusional özgertmeleriň hyzmatdaşlyga we raýatlara gönükdirilen döwlet dolandyryşynyň täze pelsepesini emele getirendigini nygtady.  Maslahatda ýurtda “Döwlet gullugy hakyndaky” täze Kanunyň kabul edilmegi, şeýle-de döwlet gullukçylarynyň sanly başarnyklaryny  ösdürmek maksady bilen, “AI Qyzmet” maksatnamasynyň çäklerinde 52 müňden gowrak administrtiw işgäriň emeli aň gurallary boýunça okuw geçendigi barada aýdyldy. Şeýle hem bellenilişine görä,  ýurtda «Alem.cloud» milli superkompýuteri we 100-den gowrak awtomatlaşdyrylan agenti öz içine alýan döwlet emeli aň platformasy işe girizildi. Gazagystanda korrupsiýa garşy göreş boýunça halkara standartlara laýyk gelýän täze bäş ýyllyk strategik resminamanyň taýýarlanyp başlanandygy mälim edildi.

Maslahatyň dowamynda akademiýanyň wekilleri foruma gatnaşan halkara bilermenler hem-de beýleki ýurtlaryň dolandyryş akademiýalarynyň wekilleri bilen netijeli pikir alyşdylar. Munuň özi  sanlylaşdyrma we emeli aň eýýamynda döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň iň döwrebap hünär standartlaryny, halkara tejribelerini we ylmy esaslaryny jemläp, ony milli okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmaga ýardam berer.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.