Halkara hyzmatdaşlygyň we menejment tejribesiniň täze tapgyry: Nýu-Deli saparynyň netijeleri

Häzirki zaman global ykdysadyýetde we döwlet dolandyryş ulgamynda netijeli çözgütleri kabul etmek, liderlik ukyplaryny kämilleşdirmek hem-de halkara tejribäni öwrenmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň menejment kafedrasynyň mugallymy Şükür Salamow Hindistan Respublikasynyň ITEC maksatnamasynyň çäginde Nýu-Deli şäherinde ýerleşýän Hindi Döwlet dolandyryş institutynda (Indian Institute of Public Administration – IIPA) ýörite halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.

2026-njy ýylyň 22-nji sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda geçirilen “Netijeli çözgüt kabul etmek we liderlik boýunça Halkara menejmentini ösdürmek” (International Management Development Programme on Effective Decision-Management and Leadership) atly bu ýokary derejeli halkara maksatnamasyna dünýäniň 35 döwletlerinden jemi 36 sany hünärmen we ýolbaşçy gatnaşdy. Okuw sapagynyň we amaly maslahatlaryň doly iňlis dilinde alnyp barylyp, bu ýagdaý diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmaga däl, eýsem halkara derejede erkin pikir alyşmaga hem uly mümkinçilik döretdi.

Maksatnamanyň çäginde “Strategik pikirleniş we çözgüt çykarmak” “Çylşyrymly guramaçylyk ýagdaýlarynda maglumatlary derňemek” “Töwekgelçilikleri öňünden çaklamak”, “Karar bermegiň logikasy – karar kabul edilende üns berilmeli esasy zatlar”, “Liderlik we kommunikasiýa endikleri”, “Toparlarda ýüze çykýan gapma-garşylyklary dolandyrmak, dürli garaýyşlary utgaşdyrmak hem-de netijeli gepleşikleri alyp barmak”, “Sanly media we döwlet syýasaty”, “Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň döwlet dolandyryşyna ýetirýän täsiri, köpçülikleýin gatnaşyklar we maglumat howpsuzlygy” ýaly temalar ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem nazary bilimleri berkitmek üçin amaly çäreler gurnaldy. PMGS Experiential Centre merkezinde we Hindistanyň Parlamentiniň edara binasynda göçme sapaklar alnyp baryldy. Mundan başga-da ýurduň taryhy we medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen, Agra şäherindäki meşhur Taj-Mahal binasyna medeni sapar gurnaldy. Bu bolsa gatnaşyjylar üçin ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy.

Bu halkara sapar Türkmenistan bilen Hindistan arasyndaky ylym-bilim ulgamy boýunça tejribe alyşmagyň has-da pugtalanýandygyny görkezýär. IIPA-da alnan baý tejribe we täze bilimler ýurdumyzda döwlet gullugy ulgamyny kämilleşdirmäge, ýaş hünärmenleri taýýarlamaga we okuw-usulyýet işlerini has-da kämilleşdirmäge uly goşant goşar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 ähli hukuklar goralan.