Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan makroykdysady strategiýa milli pulumyzyň durnuklylygyny üpjün etmäge, içerki maliýe bazaryny goramaga we ykdysady ösüşi elýeterli serişdeler bilen höweslendirmäge gönükdirilendir. Döwletimiziň pul-karz syýasatynyň durnuklylygy milli ykdysady modelimiziň islendik daşarky töwekgelçiliklere garşy durmaga ukyplydygyny aýdyň görkezýär.
Milli pul-karz ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribesini öwrenmek we ony öz aýratynlyklarymyza laýyklykda ulanmak biziň ylmy we amaly ugurlarymyzyň iň wajyp tarapydyr. Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Banky ýaly abraýly maliýe guramalarynyň öňdebaryjy tejribeleri, şeýle-de ösen döwletleriň merkezi banklarynyň ulanýan häzirki zaman gurallary we kadalaşdyryş standartlary yzygiderli seljerilýär. Şunda biziň esasy ýörelgämiz — daşary ýurt tejribesini göçürip almak däl-de, eýsem halkara tejribesiniň iň oňat nusgalaryny we maliýe tehnologiýalaryny ýurdumyzyň milli aýratynlyklaryna, içerki ykdysady şertlerine uýgunlaşdyryp ulanmakdan ybaratdyr. Milli esaslar bilen halkara tejribesiniň şeýle akylly utgaşmasy biziň bank ulgamymyzyň durnukly ösüşini we kadaly işlemegini kepillendirýär.
Hut şu nukdaýnazardan, Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Ýurdumyzyň pul-karz syýasaty: milli ileri tutulmalary we halkara tejribesi” atly maslahat geçirildi.
Maslahata Akademiýanyň professor-mugallymlary, diňleýjileri we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankyndan, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyndan, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankyndan we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan, Türkmen döwlet maliýe institutyndan tejribeli hünärmenler gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin pikir alyşyldy. Bu bolsa ylym bilen önümçiligiň, nazaryýet bilen tejribäniň arabaglanyşygyny berkitmekde hem-de halkara tejribeleri milli äheňde diňleýjilere we talyplara ýetirmekde örän ähmiýetli boldy. Bu babatda Akademiýada hem döwletimiziň pul-karz syýasatyny innowasion esasda ösdürmek, sanly ykdysadyýet, maliýe tehnologiýalary hem-de bank kadalaşdyryş gurallary boýunça ylmy-nazary we okuw-usulyýet işleri netijeli alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmekde taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tükenisksiz alkyşlarymyzy beýan edýäris.
