Ýurduň ylym-bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň bähbidine durmuşa geçirmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz Bütindünýä söwda guramasyna girmek işini yzygiderli çaltlandyrmak bilen, ählumumy söwda ulgamyna goşulmagyň we milli kanunçylygy halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmegiň ýolunda nobatdaky strategik ädimi ätmäge girişýär.
Aşgabatda Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti öz işine başlady. Onuň çäginde Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak işine degişli tejribäni we bilimi paýlaşmak maksady bilen, wekiliýetiň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda umumy okuw sapagy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Aziýa ösüş banky gurady.
Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça gepleşikleriň barşy, agzalyk, şeýle hem döwlet bilen işewürligiň arasynda gepleşikleri ýola goýmak bilen bagly mümkinçilikler barada döwlet gullukçylaryna aýdyp bermek bu umumy okuw sapagynyň maksadydyr. Bu iş milli söwda ulgamyny we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýerli kärhanalaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksporty giňeltmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga, şeýle hem ýurduň uzakmöhletleýin durnukly ösüşine ýardam berer.
Bellenilişi ýaly, Aziýa ösüş bankynyň wekiliýetiniň sapary Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi bilen baglanyşykda goýlan maksatlara üstünlikli ýetiljekdigi barada biziň ynamymyzy berkidýär. Akademiýa halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga ileri tutulýan derejede ähmiýet berýär we şeýle düzümler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi dowam edýär.
Duşuşyk ara alyp maslahatlaşmak görnüşinde geçdi: gatnaşyjylar sorag berdiler, öz garaýyşlaryny aýtdylar. Olaryň hatarynda – daşary ýurt bazarlaryna çykmak, önümleri halkara standartlara laýyk getirmek we bäsleşigiň güýçlenmegine taýýarlanmak we beýlekiler bar. Milli kärhanalaryň eksport kuwwaty dogrusynda aýratyn pikir alşyldy: gatnaşyjylar önümiň hilini ýokarlandyrmak, halkara bazarlarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek we hususy ulgamyň ornuny berkitmek, Milli gepleşik topary barada gürrüň etdiler. Türkmenistanyň Milli gepleşik toparynyň döredilmegi, onuň düzüminiň kesgitlenmegi we tassyklanmagy, şeýle hem Bütindünýä söwda guramasy bilen bilelikdäki meýilnamanyň işlenip taýýarlanmagy möhüm institutsional çözgüt hökmünde görkezildi. Bu geljekde tarif we söwda gepleşiklerini netijeli geçirmek üçin türkmen diplomatlaryna we ykdysatçylaryna Bütindünýä söwda guramasynyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk okuw sapaklaryna we sessiýalaryna synçy hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Milli gepleşik toparynyň döredilmegi – Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak işinde esasy tapgyrdyr; onuň esasy maksady – ýerli hünärmenlere bu gurama bilen bagly işlerde tejribe almak mümkinçiligini bermekdir.
Üç sany esasy pursat tapawutlandyrylýar: birinjiden, ýurdumyzyň eksportunyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyndan amaly taýdan bähbitdir peýdalar, ikinjiden, sebitleýin birikmäni goldamakda halkara düzümleriň, ýagny Aziýa ösüş banky ýaly guramanyň orny we üçünjiden, Akademiýa bilen halkara guramalaryň döwlet gullukçylarynyň bilim kuwwatyny ösdürmek çygryndaky has ýakyndan hyzmatdaşlygynyň zerurlygy.
Şu ýazgyny jemlemek bilen, şulary aýtmak mümkindir: şu günki pikir alyşmalar Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyň sebitleýin birikme bilen özara baglanyşygyny görkezýär, şeýle hem ýurdumyz üçin zerur bolan işgärler kuwwatyny artdyrmakda Akademiýanyň orny barada bellenip geçildi. Goşulmak işiniň ösüşiniň barşynda Aziýa ösüş bankynyň wekiliýetiniň gelmegi goýlan maksatlara üstünlikli ýetiljekdigine bolan ynamy berkidýär.
