Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ÝeB-niň ERASMUS+ maksatnamasyna gatnaşýarlar

Ýurduň halk hojalyk toplumynyhň esasy pudaklary üçin kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek 2018-2024-nji ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şertidir. Şu jähtden halkara hyzmatdaşlygynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti ulydyr. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi öňdebaryjy okuw jaýlary we ylmy-barlag institutlary, seljerme merkezleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary, agentlikleri hem-de gaznalary bilen işjeň we netijeli hyzmadaşlygy ýola goýdy, olaryň arasynda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy we Ilat gaznasy, Ýewropa bileleşiginiň ynsanperwer ulgamdaky taslamalary bar. Olaryň arasynda –Ýewropa uniwersitetleri bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2016-2019-njy ýyllara bilelikdäki “Administratiw ösüşiň sebit maksatlary” ERASMUS+ bilelikdäki taslamasy bar, professor- mugallymlar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak, ylym-bilim ulgamynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňledirmek onuň esasy wezipelerdir. 

ERASMUS+ maksatnamasynyň Günorta Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleri üçin başlanan 2014-2020-nji ýyllar üçin täze tapgyry, ozlay bilen, bilim ulgamynda we ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamakda milli çärelere guramaçylyk-tehniki we ylmy-usulýet taýdan goldaw bermäge gönükdirilendir. Tejribe alyşmak maksady bilen Ýewropanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine saparlaryň guralmagy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylýan ugurlarynyň biridir. 

Bilelikdäki ERASMUS+ taslamasynyň çäklerinde Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň bir topary Kataloniýanyň Barselonadaky Politehniki uniwersitetinde saparda boldy. 

Uniwersitetriň düzüminde 17 mekdep (fakultet) bolup, olar birnäçe departamente (kafedralara) bölünýär. Onda laboratoriýalaryň 4-si bar. Uniwersitetde 29000 talyp okaýar, olaryň 2000-den gowragy daşary ýurtlylardyr. 

Okuw saparynyň dowamynda türkmenistanly mugallymlar üçin “Strategik menejment” atly ýörüteleşdirilen okuw-türgenleşigi guraldy. Tematiki modulyň esasy mazmuny bazar gatnaşyklary we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýet şertlerinde dolandyryş endiklerine bagyşlandy. 

Bilim bermegiň modul maksatnamalary okatmagyň hil taýdan täze görnüşini we gurluşyny talap edýär, ol özbaşdak guramaçylyk böleklere bölünip, olaryň mazmuny we möçberi okaýanlaryň ugruna we derejesine görä üýtgeýär. 

Ispaniýadan gaýdyp gelenlerinden soň mugallymlar Aýsenem Agabaýewa, Nazar Mämmedow, Emir Jumaýew, Dürpolat Hemraýew, Nurýagdy Aýnazarow, Şöhrat Bäşimow we Myrat Şükürow dagy Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin “Maglumatlar serişdelerini dolandyrmak”, “Strategik menejment we ýerli ösüş”, “Telekeçilik taslamalaryny işläp taýýarlamak” ýaly okuw modullary boýunça interaktiw seminarlar tapgyryny geçirdiler. 

Seminarlaryň esasy maksady- okuw sapary döwründe alnan usulýet materillaryny we maglumatlary döwlet bilim ölçeglerine we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklyjkda synap görmekdi. 

Maglumatlar we amaly modullaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagy okuw materiallarynyň özleşdilişiniň netijeliligini ýokarlandyrdy. Interaktiw seminarlaryň netijesi boýunça akademiýanyň diňleýjileriniň aşakdaky ýaly özara baglanşykly komponentleri öz içine alýan strategik menejment bilimleriniň derejesi ýokarlandy: 

• bazar bäsdeşligi şertlerinde guramaçylyk gurluşynyň taslamasyny taýýarlamak; 

• durmuş taýdan ykdysady gurşawa gönükdirilen goşulyşma derejesini we dolandyryş ulgamlaryny saýlamak; 

• “startegiýa-gurluş-barlag” ýörelgesi boýunça halk hojalyk toplumyny dolandyrmak; 

• kompaniýanyň esasy iş ugurlaryny, şol sanda eksport mümkinçiliklerini we daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegi boýunça syýasatyny kesgitlemek; 

• kompaniýanyň netijeleriniň we strategiýasynyň arabaglanşygyny üpjün etmek; 

• dolandyryş gurluşyny kämilleşdirmek. 

Bilelikdäki ERASMUS+ taslamasynyň çäklerinde maliýe-ykdysady ulgamyň, şeýle hem syýahatçylygyň we hususy telekeçiligiň milli hünärmenleri üçin modullaýyn bilim bermegiň elementlerini ulanyp interaktiwt okuw-türgenleşikleriniň tapgyryny geçirmek bellenildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.