2018-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetirýän işleriniň seljerilişiniň netijeleri bilen tanyşdyrmak üçin okuw maslahaty geçiirildi. Bu maslahat taslamanyň uly kömekçi bilermeni Germaniýadan gelen doktor Aksel Kötsiň gatnaşmagynda gurnaldy. Okuw maslahatynyň dowamynda döwlet gullukçylarynyň hünär okuwlaryna bolan zerurlyklarynyň esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň geljekki ösüşi babatynda garaýyşlar we strategiki çemeleşmeler bilen tanyşdyryldy. Okuw maslahatynyň maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüş meýilnsmasyny, şeýle hem okatmagyň täze usullary we gurluş elementleri bilen umumy teklipleriň düzülmegi we ýuze çykarylmagy bolup durdy.
Hasabat döwrüniň dowamynda okuw maksatnamalaryny şeýle hem okuw usulyýeti boýunça okuw meýilnamasyny işläp taýýarlamak maksady bilen, hünär okuwyna zerurlygy öwrenmek üçin seljeriş işleri geçirildi. Seljeriş işleri Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirildi. Ýokarda agzalan edaralarda şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda geçirilen barlag-öwreniş işleriniň netijesinde Taslamanyň bilermenleri tarapyndan seljeriş maglumaty işlenip taýýarlanyldy.
