Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy üçin döwlet dolandyryşyna degişli magistrlik derejesiniň maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň üçünji duşuşygy

2019-njy ýylyň 6-njy martynda Döwlet dolandyryşyna degişli magistrlik maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň üçünji duşuşygy geçirildi.  Duşuşykda gatnaşyjylar iş toparynyň şu güne çenli gazanan üstünliklerini we geljek üçin meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşygyň dowamynda, 2019-njy ýylyň 16-23-nji fewraly aralygynda Astana şäherine gurnalan iş saparynyň iki tapgyrynyň netijeleri we tejribeleri babatda maglumat berildi. Bu iş saparlary gatnaşyjylar üçin, döwlet gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda Gazagystanyň peýdalanýan usulyny has giňden seljermäge we öwrenmäge, şeýle hem bilim ulgamy we özgerýän ýurtlarda döwlet gullukçylarynyň taýýarlanylyşy boýunça Ýewropanyň iň gowy tejribelerini ulanmak babatda, Gazagystanyň tejbesini öwrenmäge, mümkinçilik döretdi.

Iş saparlarynyň dowamynda gatnaşyjylar Gazagystan Respubliksanynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynda we Nazarbaýew uniwersitetinde birnäçe duşuşyklara gatnaşdylar. Olar döwlet dolandyryşyna degişli magistrlik maksatnamalarynyň ilkinji taslama görnüşini şu sanalyp geçilýän ugurlar boýunça işläp taýýarladylar, ýagny olar: Administratiw hukugyGuramaçylyk menejmenti, Makroykdysady nazaryýet we syýasatYkdysadyýet nazaryýeti we bazar gatnaşyklaryDöwlet gullukçylarynyň ahlak kadalary we özüni alyp baryşyElektron-hökümet, Strategik meýilleşdiriş, Döwlet maliýesi we ş.m.

Iş saparlaryndaky tejribelere goşmaça taslamanyň uly bilermenleri taslamanyň iş toparynyň agzalaryna ýokarda agzalan okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda ýardam berýärler. 

Okuw meýilnamalarynyň jemleýji deslapky görnüşini işläp taýýarlamaklyk tamamlanandan soň, okuw meýilnamalarynyň saýlanan jemleýji görnüşleri iş saparynyň üçünji tapgyrynda, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda ÝB-niň wekilleri bilen 2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde gurnaljak duşuşykda tanyşdyrylar.

Iş toparynyň üçünji duşuşygynyň halkara bilermenleriniň arasynda Bolgariýanyň Döwlet dolandyryş institutynyň ýerine ýetiriji müdiri jenap Pawel Iwanow gatnaşdy.  Ol, Bolgariýada Döwlet gullugynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmakda ösüş ugurlary we wezipeleri bilen tanyşdyrdy.  Bilermeniň çykyşy gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşyk, maglumat tehnologiýalarynyň üsti bilen dolandyryş ýaly, gatnaşyjylary gyzyklandyrýan soraglar we jogaplar bilen dowam etdi, ýagny ol hem Döwlet dolandyryşyna degişli işlenip taýýarlanylýan geljekki magistrlik maksatnamalarynyň biri bolup durýar.

Şeýlelikde, ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän “Döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” taslamasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlykda, Döwlet dolandyryşy boýunça maksatnamany işläp taýýarlamakda uly üstünlik gazandy.  Bu üstünlik Türkmenistanda Döwlet dolandyryşynda mümkinçilikleri döwrebap, halkara standartlara laýyklykda ýokarlandyrmakda uly goşant bolar.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.