2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde taslamanyň uly bilermeni Aksel Kötsüň gatnaşmagynda Ykdysadyýetiň esasy düzüm bölekleri boýunça taýýarlanylan modullar bilen tanyşdyrmak üçin okuw maslahaty gurnaldy.
Okuw maslahatynda taslamanyň uly bilermenleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň (DGA) mugallymlarynyň ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda Döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam” taslamasynyň çäklerinde döwlet dolandyryş pudagyna degişli magistrlik (DDM) maksatnamasy üçin işlenip taýýarlanylan modullaryň esasy temalarynyň biri bilen tanyşdyryldy.
Okuw maslahaty 3 bölümden ybarat bolup, maslahatyň dowamynda DGA-nyň uly mugallymy Ogultäç Soýunowa okuw maslahatynyň birinji bölümi bilen tanyşdyrdy. Ol ykdysady nazaryýetiň, mikroykdysadyýetiň we bazar gatnaşyklarynyň modulyna giriş bilen tanyşdyrdy. Ol okuw meýilnamasynyň ugry (kursy) we akkreditasiýasy, kursdan garaşylýan netijeler, okatmagyň we okuw usullary, kursuň tematik meýilnamasy we onuň bölümleri barada gürrüň berdi.
DGA-nyň uly mugallymy Hajymyrat Pirmuhammedow okuw maslahatynyň ikinji bölümi bilen tanyşdyrdy. Ol “Makroykdysady nazaryýet we syýasat” atly okuw meýilnamasy, şol sanda kursuň esasy görkezijileri, kursuň täzeçe çemeleşilmesi, milli ileri tutulýan meseleler we makroykdysady nazaryýetiň we syýasatyň halkara tejribesi, kursdan garaşylýan netijeler, baha beriş we şm. bilen tanyşdyrdy.
Okuw maslahatynyň üçünji bölümini taslamanyň uly bilermeni Aksel Köts tanyşdyrdy. Ol döwlet maliýesi, magistrlik maksatnamasynyň okuw meýilnamasynyň ykdysadyýete degişli bölegi we ykdysadyýetiň düzüm bölekleri: mikroykdysadyýetiň, makroykdysadyýetiň we döwlet maliýesiniň özara baglanyşygy bilen tanyşdyrdy. Aksel Köts şeýle hem döwlet maliýesi – döwletiň ýerine ýetirýän işleri, jemgyýetiň maddy hal ýagdaýyny gowulandyrmak we saýlamaga mümkinçiligini artdyrmak, döwlet çykdajylary, döwlet girdejileri, döwlet borjy, býujet düzmek, býujete gözegçilik etmek we býujete girmeýän edaralar barada has jikme-jik gürrüň berdi.
Okuw maslahatynda tanyşdyrylan temalar dürli soraglary we aýry-aýry pikirleri ýüze çykardy, emma gyzykly we çekeleşikli ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde okuw maslahatynyň esasy maksadyna ýetildi, ýagny ykdysadyýet boýunça modulyň artykmaçlyklary we kemçilikleri ýüze çykaryldy, şeýle-de ony kämilleşdirmek we gutarnykly derejede taýýarlamak üçin degişli maslahatlar alyndy.
Umuman, bu okuw maslahatynda Türkmenistanda geljekde meýilleşdirilýän döwlet dolandyryşyna degişli magistrlik derejesiniň maksatnamasy üçin ykdysadyýet boýunça moduly işläp taýýarlamak babatda edilen örän gowy iş görkezildi.
