Pähim-paýhasyň egsilmez çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserler biziň ýankitabymyza öwrülip, her bir işde iň ýakyn hemramyz bolýar. Pähim-parasadyň egsilmez çeşmesine öwrülen ol kitaplar ata Watanymyzyň ähli pudaklaryndaky ösüşlere mynasyp goşant goşmakda ýollarymyza ýagty saçýar. Mähriban halkymyzyň ruhy baýlygy, genji-hazynasy bolan ol eserler pähim-paýhas nukdaýnazardan bizi täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Biz hormatly Prezidentimiziň her bir kitabyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys, ony ýüzümize sylyp, uly höwes bilen okaýarys hem-de ondaky paýhasly pikirleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine giňişleýin ýetirýäris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynda Gahryman Arkadagymyz bagtyýar türkmen halkyna ýene-de bir ajaýyp eseri sowgat etdi.  Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilen  «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly  çuň mazmunly eseriniň elimize gowuşmagy biziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy, buýsanjymyzy artdyrdy.  

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň döwletlilik, parahatçylyk, bitaraplyk hem-de dost-doganlyk ýörelgeleriniň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze eserinde «Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. 2020-nji ýylda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly toýy uly dabaralara beslenip bellenilýär. Bu baýramçylyk Oguz han zamanyndan bäri dowam edip gelýän parahatçylyk söýüjilikli dostluk taglymatlarynyň dabaralanmasy bolup, taryha ýazylýar» diýip parasatly belleýär. Şeýle hem bu ýörelgeleriň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynda öz beýanyny tapyp, umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini belleýär.  Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän döwletlilik ýörelgesiniň aýdyň beýany bolan rowaýatlardyr tymsallar her bir okan adamyň ýadynda ömürlik galýar. Çünki, onda beýan edilýän wakalar dürli pursatlarda pähim-parasadyň gymmatly hazynadygyny görkezýär. Her bir işe hemişe paýhasly garamagy ündeýän rowaýatlar durmuşa söýgi, birek-birege hormat-sarpa, Watana buýsanç döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň on iki bölümden ybarat bolan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde türkmen halkynyň ata-baba taraşlanyp, sünnälenip gelen paýhas ummanynyň uly döwlete, belent at-abraýa eýe edýändigi inçelik bilen yzarlanýar. Şeýle hem türkmen halkynyň şol döwletlilik ýörelgesiniň aýdyň ýolundan ýöräp, uly bagta, yrylmaz döwlete eýe bolandygy täsirli mysallar arkaly beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly paýhasa ýugrulan bu ajaýyp eserinde ynsanyň bagtyýar ýaşaýşynyň ylym, bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», bölüminde, saglygyň ynsanyň başyndaky göwher täjidigi, «Saglyk – abatlyk», bölüminde,  döwlet, gaýrat üçin zähmetsöýerliligiň wajypdygy «Zähmetsöýerlik – gaýratlygyň gözbaşy» bölüminde aýdyň beýan edilýär. Eseriň «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym...» atly bölüminde beýan edilýän wakalar okyjyny oýlanmaga, durmuşa içgin garamaga adamzat ýaşaýşynyň her bir pursadyny mynasyp ýaşamagy, parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, dostlugyň gadyryny bilmegi ündeýär.

Milli Liderimiziň çuňňur pähim-parasada ýugrulan, ylmy taýdan esaslandyrylan gymmatly maglumatlary özünde jemleýän her bir eseri  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary we diňleýjileri üçin gymmatly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň  “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde ynsanyýetiň durmuş tejribesine esaslanýan kämil garaýyşly pikirler  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gulluk  akademiýanyň diňleýjilerini çuňňur bilim almaga, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň täze eseri  halkymyzyň uzak asyrlardan dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerine sarpa goýmagyň, ony hormatlamagyň, ýaşlara öwretmegiň baş çeşmesidir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgesine goýulýan hormat-sarpadyr. Ýaşlarymyzyň watanperwer, belent, adamkärçilikli bolmagy, däp-dessurlarymyza hormat goýmagy, ata-baba döwletlilik ýörelgelerimizi hemişe özlerine ýol görkeziji şamçyraga öwürmekleri üçin  giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, alyp barýan döwletli işleri rowaç bolsun!


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.