2020-nji ýylyň 19-21-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň guramagynda «Durnukly ösüşiň Milli ýörelgelerini we meýilnamalaryny işläp taýýarlamak üçin ilat baradaky maglumatlary peýdalanmak» atly taslamanyň çäklerinde «Demografiýa we dolandyryş meseleleri» barada web-seminarlar geçirildi.
Okuw maslahatynyň esasy maksady demografiýa bilen bagly toplanýan we seljerilýän statistiki maglumatlaryň ähmiýetini beýan etmekden we daşary ýurtlaryň tejribeleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat. Web-seminarlary Çehiýa Respublikasynyň Praga şäheriniň Karlow uniwersitetiniň professory, BMG-niň Ilat gaznasynyň halkara bilermeni T.Kuçer geçirdi.
Okuw maslahatynyň dowamynda ilatyň sany, düzümi we ýerleşişi barada anyk maglumatlary almak boýunça geçirilýän işleriň wajyplygy bellenip, ilatyň sanynyň artmagynyň kanunalaýyklyklary barada giňişleýin durlup geçildi. Ilatyň takyk sany ilat ýazuwynyň geçirilmegi netijesinde anyklanylýar. Ilat ýazuwynyň netijeleri baradaky statistiki maglumatlar döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemekde ähmiýetlidir.
Web-seminarlarda demografiki çaklama we bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Demografiýa we dolandyryş meseleleriniň özara baglanşygyny şertlendirýän halkara tejribeden giňişleýin maglumatlary mysal hökmünde getirip, bilermen okuw maslahatyna gatnaşyjylar bilen özara pikir alyşdy.
Umuman web-seminarlara işjeň häsiýet mahsus boldy we olar örän gyzykly geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda Akademiýanyň professor-mugallymlary we diňleýjileri demografiýa boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler we bilermen bilen sorag-jogap alyşdylar.
