Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, baharyň şu ajaýyp gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hem baglara dürli ideg etmek işleri geçirildi. Guralan çärede ynsan saglygyna peýdaly zähmet gaýnap joşdy.
Mälim bolşy ýaly, ekologik abadançylygyň rowaçlanmagynda her bir adamyň bu babatdaky aň-düşünjesine, habarlylygyna uly orun degişlidir. Diýarymyzda bu ugurda hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, ekologik bilimiň Akademiýanyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny bellemelidiris.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin arassa, gözel we oňaýly bolan daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ählimiziň öýümiz bolan Ene ýeri – daşky gurşawy, howany arassa saklamak, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak we geljekki nesillerimize ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Häzirki döwürde ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň millionlarça düýp nahaly ekilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesiller üçin saklap galmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Ýurdumyzda ekologiýa syýasatyny, daşky gurşawy goramak babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
