Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw meýilnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 6-7-nji iýunynda Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň möhleti iki aýlyk hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwynyň 2022/2023-nji okuw ýylynyň dördünji möwsüminiň diňleýjileri Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginde önümçilik tejribesini geçdiler. Müdirligiň hünärmenleri raýat goranyşy çygryna degişli düzgünler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň binagärlik, senagat we ýol gurluşygy ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalaryň toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, bu binalaryň we desgalaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, olarda şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak bilen bagly wezipeler barada bellenip geçildi.
Önümçilik tejribesiniň dowamynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmelidiginiň ähmiýetine hem üns çekildi. Bellenilişi ýaly, binadyr desgalarda, olaryň çäklerinde ýerleşýän ähli elektrik ulgamlary «Elektrik akymy bilen işleýän sarp ediji enjamlaryň tehniki ulanyş düzgünleriniň» we «Elektrik enjamlarynyň gurluş düzgünleriniň» talaplaryna laýyk getirilip, ähli elektrik enjamlarynyň hem-de ulgamlarynyň talabalaýyk gurnalyşyna, ulanylyşyna we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine gözegçilik edýän jogapkär adamlar bellenilmelidir. Jogapkär işgärler, öz gezeginde, elektrik enjamlarynda, goraýjy serişdelerde, elektrik ulgamlarynda gyzmalaryň we gysga utgaşmalaryň döremeginiň öňüni alyş-gözden geçiriş çärelerini, öňüni alyş-abatlaýyş işlerini öz möhletinde geçirip, olaryň howpsuz işlemegini üpjün edýän daşky örtükleriň elektrik akyma garşy duruş derejesini hünärmenlere barladyp durmalydyr.
Elektrik enjamlary bilen iş salyşýan işgärlere olaryň bu enjamlary ulanýan mahalynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekleri boýunça okuw sapagyny, gözükdiriş gürrüňdeşligini geçirmek zerurdyr. Elektrik enjamlarynyň ählisinde toguň gysga utgaşmasyndan, şeýle-de ýangynyň döremegine getirip biljek beýleki iş kadalarynyň bozulmalaryndan goraýjy serişdeleriň bolmagyny we howpsuz işlemegini gözegçilikde saklamaly. Döwlet ülňülerine laýyk gelýän goraýjylara derek bölek simleri sarap ulanmagy gadagan etmeli. Elektrik akymynyň garşylyklaýyn geçmegini aradan aýyrmak üçin simler sütünlere birikdirilende, olary ýöriteleşdirilen gysgyçlar ýa-da kebşirleme usuly bilen berkitmeli.
