Hormatly Prezidentimiz “EKSPO — 2025” sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy

Mälim bolşy ýaly, 13-nji aprelde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasy boldy. 14-nji aprelde ählumumy serginiň çäklerinde oňa gatnaşyjy 160 ýurduň arasynda ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.  Oňa dünýä döwletleriniň ýokary wekiliýetleri bilen birhatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Munuň özi halklary ýakynlaşdyrmakda, ylmy-tehnologik ösüşde öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekde, adamzadyň parahat durmuşyny, röwşen geljegini üpjün etmekde bu iri halkara serginiň ähmiýetine ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde eden çykyşynda Bütindünýä sergisiniň döwletleriň, halkara guramalaryň, ykdysady we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýändigini belledi. Bu barada  tdh.gov.tm saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH)


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.