Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti Astana iş saparyny amala aşyrdy

20-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy Hajymyrat Pirmuhamedow  Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine iş saparyny amala aşyryp, “GovHR: täze ulgamlar, döwrebap hyzmatlar, innowasion çözgütler” atly halkara foruma gatnaşdy.

Adam serişdelerini dolandyrmakda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge bagyşlanan halkara çäre, her ýylyň  23-nji iýunynda  bellenilýän Birleşen Milletler Guramasynda  döwlet gullugynyň gününiň öňüsyrasynda geçirildi.

Forum dolandyryş ulgamynda tejribeleri paýlaşmakda, döwrebap tehnologiýalary ulgama ornaşdyrmak we bu ugurdaky innowasion çemeleşmeler hakynda netijeli gepleşikleri geçirmekde, özara gatnaşyklaryň  geljekki mümkinçilikleri  babatda ileri tutulýan garaýyşlary mälim etmekde  uly ähmiýete eýe boldy.   

Forumyň dowamynda döwlet gullugyny gowulandyrmak, adam serişdelerini dolandyrmagyň ygtybarly ulgamyny döretmek, onuň alnyp barylýan işlere edýän täsiri, bütin dünýäde dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, işgärleriň zehinini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara foruma gatnaşyjylar bu ugurda innowasiýalary ornaşdyrmakda tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 Ähli hukuklar goralan.