Häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän ösüşler we özgerişlikler dolandyryjylardan täze başarnyklary we bilimleri talap edýär. Şeýle ýagdaýda, dolandyryjylaryň hünär başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, täze bilimleri öwrenmek we täze usullary özleşdirmek örän möhümdir. Häzirki zaman dolandyryjylary diňe bir netijeli dolandyrmagy başarmak bilen çäklenmän, eýsem innowasiýa, üýtgeşikliklere çalt uýgunlaşmak, sanly tehnologiýalary ulanmak we adamlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek ukyplaryny hem ösdürmelidirler. Şeýle başarnyklar guramalaryň üstünlikli işlemegine, bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyna we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.
Hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin ýörite taýýarlyk okuwlary we maslahatlar guralýar. Bu okuwlar dolandyryjylara strategik meýilnama düzmek, liderlik, taslamalaryň dolandyrylyşy, sanly tehnologiýalar, innowasiýalaryň dolandyrylyşy ýaly ugurlarda bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Netijede, häzirki zaman dolandyryjylary täze mümkinçiliklere açyk, üýtgeşmeleri kabul edip bilýän, öňdengörüji, edaranyň işini täzeçe gurup bilýän hünärmenler bolup ýetişmeli. Şeýle hünär başarnyklaryny ösdürmek diňe bir şahsy ösüş üçin däl, eýsem jemgyýet üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan hödürlenýän “Döwlet dolandyryşynyň ussady — ýolbaşçylar üçin” atly hünär taýýarlygy boýunça maksatnamasy, ýokarda ady agzalan başarnyklary ösdürmäge niýetlenendir. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Döwlet we halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Myrat Saryýew bu maksatnama boýunça degişli bäsleşikden üstünlikli geçip, maksatnama boýunça okuwa başlady.
Maksatnama giň döwletara hyzmatdaşlygyna goşant goşmaga taýyn ýokary hünärli ýolbaşçylary taýýarlamak işinde wajyp orun tutýar. Maksatnamanyň esasy diňleýjileri döwlet gullukçylary bolup, olardan ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, kanun çykaryjy edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik pudagynyň (uniwersitetler, medeniýet guramalary we ş.m.) hem-de ykdysadyýetiň jemgyýetçilik böleginiň wekilleridir.
Maksatnamanyň dowamlylygy 6 aý bolup, 5 moduldan ybaratdyr: 4 modul ýerinde, ýagny Russiýa Federasiýasynda, 1 modul bolsa uzak aralykdan wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Okuwy tamamlanandan soň, synaglardan üstünlikli geçen diňleýjiler hünär taýýarlygy boýunça diplom alýarlar. Her modul döwlet sektorynda ýolbaşçylaryň möhüm ugurlaryny öz içine alýar, ýagny: döwlet sektorynda häzirki zaman dolandyryş tehnologiýalary, ýolbaşçynyň şahsy netijeliligi, sanly dünýäniň global ösüş tendensiýalary we täze dolandyryş usullary, uly şäherde dolandyryşy üýtgetmek, liderlik ukyplaryny ösdürmek we medeniýetler arasyndaky özara täsir. Maksatnamada köp milletli toparlarda ýolbaşçylyk häsiýetlerini we başarnyklaryny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Halkara derejesinde dürli medeniýetleriň wekilleri bilen netijeli aragatnaşygy saklamagyň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmekligiň inçe tärlerini ele alýarlar.
Hünär ýokarlandyryş okuwlarda döwlet edaralarynyň düzümi we olaryň wezipeleri, öz-özüňi kämilleşdirmek, wagty tygşytlamak ýa-da wagty dolandyrmak, emosional intellekt, işewür etikasy, sanlylaşdyrma we emeli intellekt, şäher häkimlikleriniň durnukly ösüşi, köpçüligiň öňünde çykyş etmek ukyplary we halkara protokoly ýaly ugurlar boýunça giň gerimli maslahat okuwlary geçirilýär.
Maksatnama uýgunlaşma strategiýalaryny işläp düzmek, töwekgelçilikleri dolandyrmak we şäher derejesinde innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman gurallaryny hödürläp, öňdebaryjy oňyn halkara tejribelerini öwrenmeklige ýardam edýär.
