2025-nji ýylyň 5-8-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda wekiliýet 6-7-nji noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet dolandyryşy akademiýasynyň döwlet gullugy meselelerine bagyşlanan «Russiýada döwlet dolandyryşynda ylym» atly II halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Bu giň gerimli maslahata dünýäniň 7 ýurdundan 3 müňe golaý adam gatnaşdy. Ýokary derejede geçirilen maslahata döwlet dolandyryş we döwlet gullugy akademiýalaryň rektorlary hem gatnaşdylar.
«Russiýada döwlet dolandyryşynda ylym» atly II halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda dolandyryş çözgütlerini kabul etmek işine ylmy barlaglaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleler barada aýdyldy. Pikir alyşmalaryň barşynda, häkimiýet edaralary üçin işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ylym bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gurallaryny ösdürmek boýunça teklipler boýunça hem maslahatlaşyldy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady dolandyryş işinde çözgütleri kabul etmek işine ylmy barlaglaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri, şol sanda döwlet gullukçylaryny taýýarlaýyş ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gurallaryny ösdürmek boýunça teklipleri işläp düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Mundan başga-da döwlet dolandyryşyna degişli hyzmatlary işjeňleşdirmek, sanly tehnologiýalary, innowasiýalary ulanyp durnuklylygy, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmek, döwlet edaralarynyň häzirki we geljekki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen döwlet pudagyndaky innowasiýalary goldamak, döwlet dolandyryşyň innowasiýalara we sanly ulgamdaky täze usullaryna esaslanýan tejribeleri alyşmak maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow «GDA ýurtlarynda döwlet dolandyryşynyň ählumumy ösüş ugurlary hem-de öňdebaryjy tejribesi» atly tema boýunça çykyş etdi. Onuň dowamynda ýurdumyzda döwrebap döwlet gullukçylarynyň taýýarlanylyşy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi. Bellenilişine görä, bu ýerde ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda hünärini kämilleşdirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir.
7-nji noýabrda A.Annamyradow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet dolandyryşy akademiýasynyň rektory A.Komissarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda taraplar hereket edýän hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, sanly ulgam, döwlet gullugy we döwlet dolandyryşy çygrynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwlet gullukçylaryny we hünärmenlerini gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle-de mugallymlaryň hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek ýaly ugurlarda geljekki hyzmatdaşlyklar we teklipler boýunça maslahatlaşdylar.
Saparyň dowamynda daşary ýurtly ugurdaş akademiýalarynyň arasynda döwlet gullugynda ileri tutulýan wezipelere esaslanyp, döwlet gullukçylaryny we ýolbaşçy düzümi ulgamlaýyn taýýarlamakda tejribe alyşmak, zähmet potensialy ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda, şeýle hem döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda okatmagyň usulyýeti we amalyýeti boýunça tejribe alyşmak işleri babatynda maslahat edildi.
