Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen «Sanlylaşdyrma we emeli aň döwründe adam serişdeleri: Ösüş, mümkinçilikler we kynçylyklar» atly maslahatyna gatnaşdylar.

2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda  Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet synag merkeziniň ýolbaşçylygynda Hankendi şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlarynyň adam serişdelerini ösdürmek boýunça degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Sanlylaşdyrma we emeli aň döwründe adam serişdeleri: Ösüş, mümkinçilikler we kynçylyklar» atly V maslahaty geçirildi we bu çärä Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilýeti gatnaşdy.

Bu halkara çärä Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryndan döwlet dolandyryşy ulgamynyň ýolbaşçylary, IT hünärmenleri, şeýle hem sanlylaşdyrma we emeli aň ulgamy boýunça bilermenler  gatnaşdylar.  Maslahat döwlet gullugyny ösdürmegiň häzirki zaman çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Forumyň çäklerinde bilermenler adam maýasyny kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamyna sanlylaşdyrmany we emeli aňy ornaşdyrmak, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak  meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň barşynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet synag merkeziniň ýolbaşçysy Meleýke Abbaszade çykyş edip,  ýurtda amala aşyrylýan konstitusion  we institusional özgertmeleriň hyzmatdaşlyga we raýatlara gönükdirilen döwlet dolandyryşynyň täze pelsepesini emele getirendigini nygtady. Maslahatda ýurtda döwlet gullukçylarynyň sanly başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, 100 müňden gowrak döwlet gullukçynyň emeli aň gurallary boýunça okuw geçendigi barada maglumat berildi.

Maslahatyň dowamynda akademiýanyň wekilleri foruma gatnaşan halkara bilermenler hem-de beýleki ýurtlaryň dolandyryş akademiýalarynyň wekilleri bilen netijeli pikir alyşdylar we munuň özi  sanlylaşdyrma we emeli aň eýýamynda döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň iň döwrebap hünär standartlaryny, halkara tejribelerini we ylmy esaslaryny jemläp, ony milli okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmaga ýardam berer.

 


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 ähli hukuklar goralan.