Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy mowzugy dolandyryş ulgamynyň işgärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine bagyşlandy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň degişli bilim we ylmy-barlag merkezleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň, şeýle hem döwlet we ýerli dolandyryş ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň asyrlar boýy dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýandygy we häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykandygy nygtaldy. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2026-njy ýylyň oktýabrynda Awazada Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek hakynda Ylalaşygyň gol çekilmegi, şeýle hem ulag-logistika, energetika we ekologiýa ulgamlarynda iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi görkezildi.

Geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Özbegistanyň iki doganlyk döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň bähbidine bilim we ylym ulgamlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem hünär tejribeleriniň alşylmagyny ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny we taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.

THP-HHM


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 ähli hukuklar goralan.